Russiýa taryhynyň iň uly harby türgenleşigine taýýarlanýar

Russiýanyň goşuny SSSR-iň dargamagyndan bäri iň uly harby türgenleşik geçirmäge taýýarlanýar

1039731
Russiýa taryhynyň iň uly harby türgenleşigine taýýarlanýar

Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu Sibiriň Abakan şäherinde "Wostok-2018" ady bilen geçiriljek türgenleşik bilen bagly beýanat berdi.

SSSR-de 1981-nji ýylda geçirilen "Zapad-81" türgenleşiginden bäri Russiýanyň iň uly göwrümli harby türgenleşigiň geçiriljekdigini aýdan Şoýgu türgenleşige 300 müň esgeriň we 1 müňden gowrak harby ulagyň gatnaşjakdygyny mälim etdi.

Sergeý Şoýgu ýurdunyň gündogar we merkezi harby sebitlerinde geçiriljek türgenleşige Demirgazyk flodyň we Ýuwaş okean flodynyň we ähli howa güýçleriniň gatnaşjakdygyny habar berdi.

Russiýanyň gündogarynda we Sibirde 11-15-nji sentýabr aralygynda geçiriljek harby türgenleşigiň etaplarynyň birine Hytaýdan we Mongoliýadan hem harby güýçler gatnaşar.

Russiýa geçen ýyl "Zapad-2017" ady bilen Belarussiýa bilen bilelikde, 12 müň 700 esgeriň gatnaşmagynda Ýewropa serhediniň golaýynda harby türgenleşik geçiripdi.

NATO bolsa özüniň gündogar serhedinde geçirilen türgenleşige nägilelik bildirip, harby türgenleşige gatnaşan esgerleriň sanynyň aýan edileninden has köpdügini beýan edipdi.

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Russiýanyň esasan hem türgenleşiklerde seresap hereket etmeýändigini we NATO-nyň täze bir Sowuk söweş islemeýändigini belläpdi.

Geçen ýyl geçirilen harby türgenleşige Polşa, Litwa we Ukraina hem reaksiýa bildiripdi.



Degişli Habarlar