Pentagonyň başlygy Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

Jeýms Mattis Pentagonda, Baş ştabyň başlygy Jozef Danford bilen bilelikde umumy metbugat ýygnagyny geçirdi

1039544
Pentagonyň başlygy Türkiýe bilen bagly beýanat berdi

ABŞ-niň Goranmak ministri Jeýms Mattis, Türkiýe bilen Siriýanyň Manbij sebiti bilen birlikde ençeme mesele boýunça ýakyn gatnaşyklardadyklaryny we şol sebitdäki umumy gözegçilikleriň ýakyn wagtda başlajakdygyny habar berdi.

Jeýms Mattis Pentagonda, Baş ştabyň başlygy Jozef Danford bilen bilelikde umumy metbugat ýygnagyny geçirdi.

Mattis Türkiýe bilen bagly soraglaryň birine beren jogabynda Ankara bilen birlikde ençeme mesele boýunça ýakyndan gatnaşyk saklaýandyklaryny belläp: “Türkiýe bilen ençeme meselede bilelikde iş salyşýarys. Türkiýäniň Goranmak ministri bilen düýn telefon arkaly söhbetdeş boldym. Meseleleri ara alyp maslahatlaşdyk. Manbijdäki ýagdaý bilen birlikde bar bolan meseleleriň üstünde işleýäris. Harby tälim enjamlary Ankara baryp ýetdi. Türk tarapy bilen bilelikde geçirjek umumy gözegçilik etabyna golaýlap gelýäris. Ýakyn wagtda bu gözegçilikleri geçirmäge başlarys, muňa ynanýaryn. Şuňa meňzeş meselelerde Türkiýe bilen bilelikde iş salyşmaga dowam edýäris” diýdi.

Şol ýygnakda Mattis Türkiýäniň Russiýadan S-400 howa goranyş raketa ulgamlaryny almagy bilen bagly: “Bu karar Türkiýä degişli. Bu ulgamyň alynmagy bizi aladalandyrýar” diýip belledi.

ABŞ-niň Baş ştabynyň başlygy Jozef Danford hem Manbijde umumy gözegçilik işleriniň ýakynda başlanmagy üçin taýýarlyklaryň dowam edýändigini habar berdi.



Degişli Habarlar