Müsürde gözegçilik merlezine guralan hüjümiň jogapkärçiligini DAIŞ öz üstüne aldy

Refah we Ariş şäherleri wagtal-wagtal ýaragly toparlaryň hüjümlerine sezewar bolýar.

1038193
Müsürde gözegçilik merlezine guralan hüjümiň jogapkärçiligini DAIŞ öz üstüne aldy

Müsüriň Ariş şäherinde düýn gözegçilik merlezine guralan hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstüne aldy.

DAIŞ-e ýakynlygy bilen tanalýan saýtda berlen habarda düýn Ariş şäherindäki gözegçilik merkezine guralan hüjümde Müsüriň howpsyzlyk güýçlerinden ýogalanlaryň bardygy öňe sürüldi.

Müsüriň Ministrler kabinetinden düýn berlen beýanatda, Ariş şäherinde terrorçy toparyň gözegçilik merkezine agyr ýaraglar we RPG kysymly raketalar bilen guran hüjüminden soň bolan çaknyşykda 4 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigi nygtalypdy.

Ýurduň demirgazyk gündogaryndaky Demirgazyk Sina welaýatynda ýerleşýän Refah we Ariş şäherleri wagtal-wagtal ýaragly toparlaryň hüjümlerine sezewar bolýar.

 

 



Degişli Habarlar