Eýranyň Ykdysadyýet we maliýe ministr wezipesinden boşadyldy

Eýranyň Ykdysadyýet we maliýe ministr Mesud Kerbasiýan wezipesinden boşadyldy

1037798
Eýranyň Ykdysadyýet we maliýe ministr wezipesinden boşadyldy

Eýranyň mejlisinde geçirilen sala salşykda 121 deputat Mesud Kerbasiýanyň wezipesinde galmagy üçin ses beren bolsa, 137 deputat bolsa wezipesinden boşadylmagy üçin ses berdi.

Mesud Kerbasiýanyň ýurtdaky ykdysady krizisiň öňüni alyp bilmezlik, gerek bolan çäreleri görüp bilmezlik, maliýe gözegçilik we ýeňillikleri üpjün edip bilmezlik bilen aýyplandy.  

Kerbasiýan bilen bagly sala salşygyň geçirilmegi baradaky teklip 19-njy awgustda 33 deputatyň goly bilen Mejlis dolanşygynyň garamagyna hödürlenipdi.

Eýranyň Zähmet ministri Ali Rebii hem 8-nji awgustda mejlisde geçirilen sese goýulşyk bilen wezipesinden boşadylypdy.  


Etiketkalar: #Eýran , #mejlis , #wezipe , #deputat

Degişli Habarlar