Eýranda harby uçar ýere gaçdy

Wakada uçaryň uçarmany ýogaldy

1037910
Eýranda harby uçar ýere gaçdy

Eýranyň Huzistan welaýatynyň Dezful şäherinde F-5 kysymly uçar ýere gaçdy. 

Wakada uçaryň uçarmany ýogaldy. 

Eýranyň döwlet telewideniýesinde berilýän habarlarda uçaryň tehniki näsäazlyk sebäpli gaçandygy habar berildi. 

Habarda uçaryň uçarmanynyň ýogaldygy, ýanyndaky 1 adamyň ýaralanandygy, uçaryň näme sebäpli ýere gaçandygyny doly anyklamak üçin derňew işiniň dowam edýändigi mälim edildi. 

 


Etiketkalar: #Eýran , #uçar

Degişli Habarlar