Wenesuelada 7,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy

Wenesuelanyň demirgazygynda 7,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy

1036082
Wenesuelada 7,3 bal ululygynda ýer titremesi boldy

1900-njy ýyldan bäri ýurtda bolan iň güýçli ýer titreme sebäpli ençeme bina boşadyldy.

Kumana şäherinde bolsa söwda merkeziniň lifti ýer titremede ýere gaçdy, liftdäki adamlar ýaralandy.

Ýer titreme Kolumbiýa, Gaýana, Barbados, Grenada ýaly goňşy ýurtlarda hem duýuldy.

Kolumbiýanyň paýtagty Bogotadaky halkara howa menziliniň uçuş zolagyna zeper ýetip-ýetmändigini anyklamak üçin gysga wagtlyk ýapyldy.

Wenesuelanyň Içeri işler ministri Nestor Luis Rewerol ilkinji kesgitlemelere görä adam ýitgisiniň çekilmändigini, emma ýaralanan adamlaryň bardygyny we maddy zyýanyň çekilendigini habar berdi.

Başga bir ýer titreme bolsa Ýuwaş okeanynyň günortasyndaky Wanuatu adalarynda boldy.

6,7 bal ululygyndaky ýer titremede ýogalan ýa-da ýaralanan adam bolmady.



Degişli Habarlar