Microsoft rus hakerleriň kiber hüjümine päsgel berendiklerini mälim etdi
Amerikanyň Microsoft kärhanasy rus hakerleriň kiber hüjümine päsgel berendiklerini habar berdi
Kärhana rus hakerleriň Respublikançylara ýakyn bolan guramalardan maglumat almaga synanyşandygyny, emma bu hüjümiň öňüni alandyklaryny habar berdi.
Kärhananyň resmileri hakerleriň Russiýanyň hökümeti bilen ýakyn gatnaşdykdadygyny nygtadylar.
Hüjümiň ABŞ-de noýabr aýynda geçiriljek saýlawlaryň netijesine Russiýanyň täsir ýetirmek isleýändiginiň görkezijisidigini beýan etdiler.
Russiýa bolsa bu öňe sürmeleriň nädogrydygyny belledi.
Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow kärhanany hiç hili delil görkezmezlik bilen günäkärledi.
Peskow: “Haýsy hakerler barada aýdýandygyňyzy bilmeýäris, saýlawlaryň netijesine nähili täsir ýetirip bolýandygyny hem bilmeýäris” diýdi.
Degişli Habarlar
Russiýa Liwandaky Raýatlaryna Ýurdy Terk Etmeklerini Maslahat Berdi
“Raýatlarymyza gysga wagtda Liwany terk etmeklerini maslahat berýäris we degişli çäreler görülýär"
Germaniýada partlama boldy
Germaniýanyň Kýoln şäherinde kafeleriň birinde bolan partlamada 2 adam ýeňil ýagdaýda ýaralandy