Indoneziýanyň Lombok adasynda bolan ýer titremesinde ýogalan adamlaryň sany örän artdy

Indoneziýanyň Lombok adasynda bolan ýer titremesinde ýogalan adamlaryň sany 515-e ýetdi

1036354
Indoneziýanyň Lombok adasynda bolan ýer titremesinde ýogalan adamlaryň sany örän artdy

Milli Apat dolanşyk agentliginiň metbugat geňeşçisi Sutopo Purwo Nugroho ýurdyň gündogaryndaky Lombok adasynda ýer titremede ýogalan adamlaryň sanynyň 515-e ýetendigini habar berdi.

Ýer titreme sebäpli 75 müň öýe zeper ýetdi, 431 müň 436 adam öýlerini terk etmäge mejbur galdy.

Adada 5-nji awgustda 7 bal ululygynda bolan ýer titremeden soň, 2 gün ozal hem 6,3 we 6,9 bal ululyklarynda ýer titremeleri boldy.

Lombok adasynda 17 günde 800-den gowrak kiçiräk yranmalar boldy.

Gözleg we halas ediş işleri dowam edýänligi sebäpli ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.



Degişli Habarlar