ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili kasam edip wezipesine başlady

Jeffri ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky iň esasy wezipelerinden birine bellendi

1034750
ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekili kasam edip wezipesine başlady

ABŞ-nyň Siriýa boýunça ýörite wekilligine bellenen Ankaradaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ozalky ilçisi Jeffri  kasam edip wezipesine başlady.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeonyň gatnaşmagynda geçirlen dabarada kasam eden Jeffri, ABŞ-nyň Ýakyn Gündogardaky iň esasy wezipelerinden birine bellendi.

Jeffri Waşingtonda gatnaşan maslahatlarynda Türk-Amerikan gatnaşyklarynyň ähmiýetine ünsi çekipdi we ekstremist terror guramasy PKK bilen ÝPG-nyň şol bir guramadygyny beýan edipdi.

1946-njy ýylda doglan Jeffri, 2008-2010-njy ýyllarda Türkiýede, 2010-2012-nji ýyllarda bolsa Yrakda ABŞ-nyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesini ýerine ýetiripdi.

 

 


Etiketkalar: #ABŞ , #Siriýa , #wekil , #kasam etmek

Degişli Habarlar