Jammu Kaşmirdäki çaknyşyklarda ýogalan adamlaryň sany artýar

Diňe şu aý bolan çaknyşyklarda 23 adam ýogaldy

1031823
Jammu Kaşmirdäki çaknyşyklarda ýogalan adamlaryň sany artýar

Hindistanyň Jammu Kaşmir sebitinde şu ýylyň başyndan bäri Hindistanyň howpsyzlyk güýçleri bilen gozgalaňçylaryň arasynda ýüze çykan çaknyşyklarda 241 adam ýogaldy.

Ýerli metbugatdaky habarlara görä ýogalanlaryň 122-si gozgalaňçylardan, 63-i asuda ilatdan we 56-sy Hindistanyň Polisiýa gullugynyň işgärlerinden we esgerlerden ybarat.

Diňe şu aý bolan çaknyşyklarda 23 adam ýogaldy.


Etiketkalar: #Hindistan , #Jammu Kaşmir

Degişli Habarlar