Siriýanyň Idlib welaýatynda güýçli partlama boldy

Siriýanyň Idlib welaýatynyň Sermada etrabynda bolan güýçli partlamada ilkinji kesgitlemelere görä 32 adam ýogaldy, 45 adam ýaralandy.

1030781
Siriýanyň Idlib welaýatynda güýçli partlama boldy

Idlibiň Raýat goranyş gullugynyň müdüri Mustafa Haj Ýusuf beren beýanatynda: “Sermada etrabynyň Babül Hawa gümrük geçelgesiniň ozalky howlusynda, Homsyň demirgazygynda getirilen adamlaryň ýaşaýan ýerinde şu gün daňdan sagat 04:00 töweregi güýçli partlama boldy” diýdi.

Haj Ýusuf: “Partlamanyň täsiri bilen Homsyň demirgazygyndan getirilen adamlaryň ýaşaýan 6 gatly 2 aýry bina ýumruldy, 32 adam ýogaldy, azyndan 45 adam ýaralandy” diýdi.

Halas ediş işleriniň netijesinde asuda ilatdan 13 adamyň halas edilendigini aýdan Ýusuf ýaralanan adamlaryň golaýdaky hassahanalara ýerleşdirilendigini, partlama sebäpli golaýdaky öýlere we ulaglara zeper ýetendigini mälim etdi.

Raýat goranyş gullugynyň agzalary halas ediş işlerini dowam etdirýärler.

Resmiler partlamanyň näme sebäpli bolandygyny derňeýärler.


Etiketkalar: #Idlib , #partlama , #bina

Degişli Habarlar