Yrak ABŞ-nyň Eýrana goýan sanksiýalaryny kabul etmedi

"Yrak haýsydyr bir ýurda goýulan we ähli taraplaýyn halkyna zyýan ýetirýän embargolary kabul etmeýär"

1029453
Yrak ABŞ-nyň Eýrana goýan sanksiýalaryny kabul etmedi

Bu barada Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretarynyň beýanatynda aýdylýar

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ahmad Mahjub beren ýazmaça beýanatynda; “Yrak haýsydyr bir ýurda goýulan we ähli taraplaýyn halkyna zyýan ýetirýän embargolary kabul etmeýär. Ykdysady çökgünliklerde bizi goldaw goňşy Eýranyň buýnsançly pozisiýasyny hem ýatdan çykarmarys” diýdi.

Haýsydyr bir ýurda ýetirilen zyýanyň bütin sebitiň howpsyzlygyna we durnuklylygyna ýaramaz täsir ýetirjekdigini nygtan Mahjub; “Eýran Yslam Respublikasynyň Yraga terrorçylyga garşy göreşinde beren goldawyna hoşallyk bildirýäris. Halkara jemgyýetçiligi ABŞ-ny şol sanksiýa kararyndan el çekdirmäge çagyrýarys. Onuň, goňşy bolandygy üçin Yraga we bütin sebite ykdysady hem-de sosial taýdan agyr täsirleri bolar” diýdi.

Şaýy lider Muktada As Sadr hem mesele baradaky beýanatynda; “ABŞ kararyndan el çekmän halatynda biz halklara zyýan ýetirilmegine synçy bolup galmarys” diýdi.

Prezident Fuad Masum ABŞ-nyň Eýrana goýan sanksiýalaryny iş ýüzüne geçirmegiň kynçylykly boljakdygyny aýdypdy.


Etiketkalar: #Yrak , #embargo , #sanksiýa

Degişli Habarlar