Awstriýada 3 alpinist ýogaldy

Awstriýanyň günbatarynda 3 alpinist daga dyrmyşýarka, dagdan gaçyp ýogaldy

1029077
Awstriýada 3 alpinist ýogaldy

Awstriýanyň metbugatynda berilen habarlarda ýurdyň günbatarynda ýerleşýän Tirol sebitiniň Wilden Kaiser şäherinde daga dyrmyşan 2 adamyň ýogalandygy bellendi.

Beýleki tarapdan Şarnis şäherinde hem daga dyrmyşýan ýene-de 1 adamyň, dagdan gaçyp ýogalandygy beýan edildi.

Geçen ýyl Awstriýanyň Salzburg we Tirol şäherleriniň arasyndaky Zillertal Alplaryna dyrmyşýan alpinistleriň 5-si ýogaldy.


Etiketkalar: #Awstriýa , #alpinist , #dag

Degişli Habarlar