Iordaniýa bilen Yrak terrora garşy göreşde harby hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy

Yragyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Ahmed Mahjubyň beren beýanatyna göra, Yrak we Iordaniýa terrora garşy göreş we serhetleriň goralmagy meselesinde hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy

1026456
Iordaniýa bilen Yrak terrora garşy göreşde harby hyzmatdaşlyk şertnamasyny baglaşdy

Beýanatda iki ýurduň arasyndaky harby hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň maksat edinilýändigi, terrora garşy göreşde serhetleriň goralmagy we maglumat çalşygy ýaly ugurlarda tejribe alşyljakdygy nygtaldy.

Yrakda 2003-nji ýylda Saddam Hüseýiniň agdarylmagyndan soň ilkinji gezek şeýle şertnamanyň baglaşylandygyna ünsi çeken hünärmenler, iki ýurduň arasyndaky serhediň uzynlygynyň 180 kilometre çenli baryp ýetýändigini nygtaýar.

 


Etiketkalar: #Yrak , #Iordaniýa , #beýanat

Degişli Habarlar