Germaniýanyň Daşary işler ministri Türkiýe bilen edýän gatnaşyklaryň kadalaşmagyny isleýär

Ministr Mass nemes metbugatyna Prezident Erdoganyň Germaniýa gurajak sapary hakynda beýanat berdi

1025783
Germaniýanyň Daşary işler ministri Türkiýe bilen edýän gatnaşyklaryň kadalaşmagyny isleýär

Germaniýanyň Daşary işler ministri Heiko Mass Germaniýa bilen Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagyny isleýändigini aýtdy.

Ministr Mass nemes metbugatyna Prezident R. T. Erdoganyň Germaniýa gurajak sapary hakynda beýanat berdi.

Gatnaşyklaryň kadalaşmagynyň iki ýurduň bähbidine boljakdygyny aýdan Germaniýanyň Daşary işler ministri, Germaniýada ýaşaýan asly türk 3 million nemes raýaty taýdan gatnaşyklaryň  kadalaşmagynyň özleri üçin diýseň möhümdigini nygtady.

Heiko Maas Prezident Erdoganyň saparynyň çäginde özara gatnaşyklaryň gün tertibine getiriljekdigini belledi.

Germaniýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Prezident Erdoganyň sentýabr aýynyň ahyrynda Germaniýa sapar gurajakdygyny öňe sürüpdi.

 

 



Degişli Habarlar