ABŞ Russiýa garşy goşmaça sanksiýa goýmaga taýarlanýar

Russiýa garşy goşmaça we has agyr sanksiýalaryň goýulmagy barada teklip hödürlediler

1025290
ABŞ Russiýa garşy goşmaça sanksiýa goýmaga taýarlanýar

ABŞ-da Respublikaçy we Demokrat senatorlar Kongrese Russiýa garşy goşmaça we has agyr sanksiýalaryň goýulmagy barada teklip hödürlediler

“Fortunyň” habar bermegine görä Lindseý Graham, Bobw Menendez, Kori Gardner, Ben Kardin, Jon MkKeýn tarapyndan Kongrese hödürlenen taslama “ABŞ-daky saýlawlara dowam edip gelen goşulyşmasy, Siriýadaky şertleriň agyrlaşmagyna sebäp bolmagy, Krymy anneksiýasy we beýleki işleri” sebäpli Russiýa garşy goşmaça sanksiýalary öz içine alýar.

Dowam edýän sanksiýalaryň Russiýanyň ABŞ-da 2018-nji ýyldaky saýlawlara goşulyşmagynyň öňüni almandygyna ünsi çeken Respublikaçy senator Graham; “Amerikanyň howpsyzlygyny Kremliň hüjümlerinden goramak baradaky kanun 2018” atly taslama barada “jähennemden ýazylan faktura” diýdi.

Taslamanyň Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin arabaglanşykly “syýasatçylara, oligarhlara we käbir maşgalalara” çäklendirme getirjekdigi aýdylýar.

Täze taslamanyň “Feýzbugyň” ABŞ-da araky saýlawlardan ozalky platformalarynda ýalan habarlary ýaýradan käbir hasaplary anyklap, ýapandygy baradaky habarlaryň çykmagyndan soň hödürlenmegi ünsleri çekýär.

Taslama güýje girmezinden ozal Senat, Wekiller Palatasy we ABŞ-nyň Prezidenti Tramp tassyklanmaly.


Etiketkalar: #sanksiýa , #Russiýa , #teklip

Degişli Habarlar