Hindistandaky aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli ýogalan adamlar artýar

Hindistanyň Uttar Pradeş welaýatyna öz täsirini ýetiren aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli ýogalan adamlaryň sany 148-e ýetdi

1024660
Hindistandaky aşa köp ýagan ýagyşlar sebäpli ýogalan adamlar artýar

Ýurdyň metbugatynda berilen habarlara görä resmiler geçen aýyň başyndan bäri Uttar Pradeş welaýatynyň tapawutly ýerlerinde täsirini dowam etdirýärn ýagyşlar sebäpli 148 adamyň ýogalandygyny we 122 adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Köp sanda binanyň diwarlarynyň çökmegine, elektrik geçirijileriň ýykylmagyna we ýollaryň suwyň aşagynda galmgyna sebäp bolan ýagyşlarda 600-den gowrak öýe zyýan ýetdi.

Uttar Pradeş welaýatynyň Premýer ministri Ýogi Aditýanath ýagyşyň täsir ýetiren adamlara maddy we lukmançylyk kömekleriniň berilmegi babatynda görkezme beripdi.



Degişli Habarlar