Indoneziýadaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany 16-a ýetdi

Indoneziýanyň Lombok adasynda bolan 6,4 bal ululygyndaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany 16-a ýetdi, 160-dan gowrak adam bolsa ýaralandy

1022160
Indoneziýadaky ýer titremede ýogalan adamlaryň sany 16-a ýetdi

Tebigy gözellikleri bilen meşhur bolan Rinjani dagyna çykmak maksady bilen ýola çykan 266 adamyň bolsa dagda kyn ýagdaýda galandygy habar berildi.

Indoneziýanyň Tebigy apat howplarynyň azaldylmagy edarasynyň metbugat geňeşçisi Sutopo Purwo Nugroho ýüzlerçe halas edijiniň dagda galan adamlary halas etmek üçin iş alyp barýandygyny belläp, 500-den gowrak adamyň halas edilendigini, emma 266 adamyň halas edilmegi üçin gözleg we halas ediş işleriniň has hem ýaýbaňlandyrylandygyny mälim etdi.

Indoneziýanyň syýahatçylyk zolagy bolan Bali adasynyň 40 km gündogarynda ýerleşýän adada ýer titreme sebäpli köp sanda öýe zeper ýetdi.

BBC-niň berýän habaryna görä 6,4 bal ululygyndaky ýer titremeden soň, iň ulusy 5,7 bal bolmak bilen 60-dan gowrak kiçiräk ýer yranmalar boldy.



Degişli Habarlar