Ýewropa yssy howa tolkunyna garşy göreşýär

Ýewropa ýurtlary soňky hepdelerde yssy howa tolkunyna garşy göreşýär

1019395
Ýewropa yssy howa tolkunyna garşy göreşýär

Aşa yssy howalar Şwesiýada tokaý ýangynlaryna sebäp boldy.

Şwesiýada bir hepde-de 25 müň gekdarlyk toýaklyk meýdanyň ýanyp kül bolandygy habar berildi.

Ýangyn sebäpli 900 million kronlyk ýagny 450 million liralyk ýitgi çekilendigi nygtaldy.

Gollandiýa hem aşa yssy howa we guraklyga garşy göreşýär.

Gollandiýanyň Metralogiýa intituty tarapyndan berlen beýanata görä, iki hepdä çenli ýurtda ýagyşyň ýagmagyna garaşylmaýar.

Aşa yssy howa sebäpli ýurduň çar tarapynda “sary” duýduryş berildi.

Paýtagt Amsterdamda aşa yssy howa sebäpli 12 köprü ýapyldy, gämi gatnawynda käbir bökdençlikler başdan geçirildi.

Gollandiýada iň uzyn guraklyk 1976-njy ýylda başdan geçirlipdi.

Germaniýa bilen Fransiýa hem tomus paslynyň iň yssy günlerini başdan geçirýär.

Belgiýada hem käbir şäherlerde ekerançylykdan daşary arassaçylyk ýaly işler üçin suw sarp edenlere 2 müň ýewro çenli pul jezasy berilýär ýada şol adam 8-14 gün azatlykdan mahrum edilýär.

Tokaýlyk meýdanlarda bolsa ýangynyň öňüni almak üçin “gyzyl” duýduryş berildi.

Britaniýada hem aşa yssy howa sebäpli ýolbaşçylara halka ýygy-ýygyndan duýduryş bermäge dowam edýär.

 

 

 

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #yssy , #Gollandiýa , #Şwesiýa

Degişli Habarlar