Eýranyň hökümeti ABŞ-e jogap berdi

Kasymi alan tejribeleri bilen ABŞ-li ýolbaşçylar bilen gepleşikleriň ynandyryjy gelmeýändigini belledi

1019450
Eýranyň hökümeti ABŞ-e jogap berdi

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Behram Kasymi: "Eýran bilen täze ylalaşyga taýýardyrys" diýen ABŞ-niň hökümetine: "ABŞ haýbat atyp, Eýran bilen ylalaşygy ýatdan çykarsyn" diýip jogap berdi. 

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň internet saýtynda ýazmaça beýanat beren metbugat geňeşçisi Behram Kasymi: "ABŞ birtaraplaýyn, yzly-yzyna kesilmeýän talaplar bilen we haýbat atyp, Eýran bilen gepleşikleri ýatdan çykarsyn" diýip belledi. 

Kasymi alan tejribeleri bilen ABŞ-li ýolbaşçylar bilen gepleşikleriň ynandyryjy gelmeýändigini belledi. 

ABŞ-niň BMG-däki hemişelik wekili Hikki Haleý düýn eden çykyşynda resmi Waşingtonyň Eýran bilen ýadro bilen baglanşykly täze bir gepleşikler geçirmäge taýýardygyny nygtady. 

 


Etiketkalar: #Behram Kasymi , #ABŞ , #Eýran

Degişli Habarlar