Ýaponiýada aşa gyzgyn howa sebäpli ýene-de 11 adam ýogaldy

Ýaponiýada şu aýyň başyndan bäri täsirli bolan yssy howa sebäpli düýn azyndan 11 adam ýogaldy

1017075
Ýaponiýada aşa gyzgyn howa sebäpli ýene-de 11 adam ýogaldy

Ýaponiýanyň Kýodo habarlar agentliginde berilen habarlarda şäheriň merkezinde 40 derejä ýetýän aşa gyzgyn howa sebäpli saglyk meseleli aglabasy garry bolan 11 adamyň ýogalandygy mälim edildi.  

Ýurdyň paýtagty Tokioda tiz kömek ulaglarynyň bir günde 3 müň 99 gezek sapar gurandygy, onuň ýurdyň taryhynda bir rekortdygy habar berildi. 

Ýaponiýada iýul aýynyň ilkinji 2 hepdesinde 30 adam aşa yssy howa sebäpli ýogalandygy, 12 müňden gowrak adamyň bolsa hassahanalara ýatyrylandygy bellendi. 

 


Etiketkalar: #Ýaponiýa , #gyzygyn , #yssy , #howa

Degişli Habarlar