Hytaýda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli 100 müň adam howpsyz ýerlere göçürildi

Hytaýyň Çongking şäherinde derýalaryň suwunyň aşa ýagan ýagyşlaryň täsiri bilen daşmagy netijesinde şäheriň 100 müň ýaşaýjysy howpsyz ýerlere göçürildi

1013079
Hytaýda aşa ýagan ýagyşlar sebäpli 100 müň adam howpsyz ýerlere göçürildi

Hytaýyň ýerli mediasyndaky habarlara görä Çongking şäherindäki aşa ýagan ýagyşlaryň täsiri bilen Žialing we Ýansyzy derýalarynyň suwlarynyň derejesi ýokarlady.

Derýalaryň suwlarynyň derejesi Žialing derýasynda 4 metre we Ýansyzy derýasynda bolsa 6 metre ýetendigi habar berildi.

Derýalardaky suwlaryň soňky 6 ýylyň iň ýokary derejesine ýetendigi mälim edildi.

Sebitde halas ediş işleriniň dowam edýändigi we bolmagy ähtimal sile garşy giň-gerimli çäreleriň görülendigi beýan edildi.


Etiketkalar: #Hytaý , #derýa

Degişli Habarlar