Yrakda geçirlen protest ýörişlerinde 1 adam ýogaldy
Yrakda protest ýörişleri dowam edýär
![Yrakda geçirlen protest ýörişlerinde 1 adam ýogaldy](http://cdn.trt.net.tr/images/xlarge/rectangle/be18/aa7c/316f/5b49950b74353.jpg?time=1718791194)
Yragyň günortasynda gündelik durmuş şertlerine we elektrik togunyň ýygy-ýygydan kesilmegine garşy Meýsan şäherinde geçirlen protest ýörişlerinde howpsyzlyk güýçleri tarapyndan ot açylmagy netijesinde 1 adam ýogaldy.
Howpsyzlyk güýçleri Meýsan şäherinde geçirlen protest ýörişine berk garşylyk görkezdi.
Howpsyzlyk güýçleri tarapyndan ot açylmagy netijesinde 1 adam ýogaldy.
Nejef şäherinde geçirilýän ýörişlerde köçä çykan halk hem şäherdäki howa menziline girdi.
Zikar şäherinde geçirlen protest ýörişlerinde hem Eýrana garşy şygarlar aýdyldy.
Ýurtda 12-nji maýda geçirlen saýlawda üstünlik gazanan Mukteda As Sadr ýörişler barada beren beýanatynda howpsyzlyk güýçleriniň protestçylara garşy aşa güýç ulanmazlygyny, protestçylaryň hem döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalara zeper ýetirmezligini isledi.