Ýaponiýada sil we ýer süýşgünleri sebäpli ýogalanlaryň sany 134 adama ýetdi

Ýaponiýada sil we ýer süýşgünleri sebäpli ýogalanlaryň sany 134 adama ýetdi

1009363
Ýaponiýada sil we ýer süýşgünleri sebäpli ýogalanlaryň sany 134 adama ýetdi

Hiroşima, Ehime, Okaýama, Ýamaguçi, Kýoto, Gifu, Şiga, Hýogo, Koçi we Fukuoka welaýatlarynda uly ýitgi çekildi.

Hökümetiň metbugat geňeşçisi Ýoşihide Suga mesele hakynda metbugata beren beýanatynda, apatda 50 adamyň hem dereksiz ýitendigini aýtdy.

Gözleg we halas ediş işerine gatnaşýan hünärmenleriň sanynyň 75 müňe çykarlandygyny ýatladan Suga, 80 dik uçaryň hem halas edişlerine gatnaşýandygyny belledi.

Suga, apata garşy göreş üçin ýörite komitetiň döredilendigini we 18 million dollarlyk bujetiň bölünip berlendigini belledi.

19 welaaýtda 5,9 million adamyň howpsyzlyk ýerlere göçürilmegi üçin görkezme berildi.

Apat zerarly Premýer ministr Şinzo Abe Ýewropa we Ýakyn Gündogar ýurtlaryna gurajak saparyny yza süýşürdi.

 



Degişli Habarlar