Finlýandiýada Tramp-Putin duşuşygy üçin howpsyzlyk çäreleri artdyrylýar

Tramp we Putin 16-njy iýulda duşenbe güni Helsinkide duşuşyk geçirerler

1009376
Finlýandiýada Tramp-Putin duşuşygy üçin howpsyzlyk çäreleri artdyrylýar

Finlýandiýa ýurdyň paýtagty Helsinkide geçiriljek ABŞ-niň Prezidenti Donlad Tramp we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň duşuşygyndan ozal 4 günlügine Şengene agza ýurtlardan gelen daşary ýurtly myhmanlar üçin serhet gözegçiliklerini ýaňadandan başlatdy.

Içeri işler ministrliginiň resmisi Kimmo Elomma duşuşykdan ozal howpsyzlygy artdyrmak üçin serhetlerde gözegçiligiň ýaňadandan ýola goýulmagynyň ýerli boljakdygy barada karara gelinendigini habar berdi.

Kimmo Elomma maksatlarynyň maslahatda umumy düzgünleri bozup biljek adamlaryň ýurda girmekleriniň öňüni almakdygyny mälim etdi.

Tramp we Putin 16-njy iýulda duşenbe güni Helsinkide duşuşyk geçirerler.

Şu hepdäniň ýekşenbe güni bolsa aralarynda daşky gurşaw, parahatçylyk, adam hukuklary we demokratiýanyň tarapdarlary bolan toparlaryň demonstrasiýalar geçirjekdigi habar berildi.

Şengen ylalaşygy Ýewropanyň 26 ýurdunyň arasynda barlag geçirilmeden, erkin ýagdaýda syýahat etmäge mümkinçilik berýär.

Ýurtlar gerek bolan halatynda wagtlaýyn ýagdaýda serhet gözegçiliklerini ýaňadandan başladyp bilýär.



Degişli Habarlar