Ýaponiýada sil sebäpli ýogalanlaryň sany 100 adama ýetdi

Ýaponiýada aşa köp ýagýan ýagyşlar bilen gelen sil we ýeriň süýşmegi sebäpli ýogalanlaryň sany 100 adama ýetdi

1008601
Ýaponiýada sil sebäpli ýogalanlaryň sany 100 adama ýetdi
japonya sel1.jpg

Ýaponiýanyň ýangyn we tebigi apatlar edarasy gözleg we halas ediş işlerine gatnaşýan hünärmenleriň sanynyň 73 müňe çykarlandygyny habar berdi.

Ýolbaşçylar apat sebäpli 23 müň adamyň halas edilmegine garaşýandygyny belledi.

11 welaýatda 267 müň hojalygyň agyz suwy bilen üpjün edilmegine garaşýandygy, sil sebäpli ýollaryň ýapylandygy, otly saparlarynyň bes edilendigi nygtaldy.

Sil sebäpli we ýeriň süýşmegi netijesinde Hiroşima, Ehime, Okaýama, Ýamaguçi, Kýoto, Gifu, Siga, Koçi we Fukuoka welaýatlarynda uly ýitgi çekilendigi habar berildi.

Ýagyşlar sebäpli ýurtda 19 welaýatda jem 5,9 million adamyň howpsyz ýere göçürilmegi barada görkezme berildi.

 


Etiketkalar: #Ýaponiýa , #sil , #welaýat

Degişli Habarlar