Hytaý amerikan gämileriniň Taýwan bogazyndan geçmegini ýazgardy

Hytaýyň hökümeti ABŞ-niň flotyna degişli 2 gäminiň Taýwan bogazyndan geçmegini ýazgardy

1008715
Hytaý amerikan gämileriniň Taýwan bogazyndan geçmegini ýazgardy

Hökümetiň başyndaky Komunist partiýasyna degişli Global Times gazedi ABŞ-niň raketaly esmines USS Mustin we USS Benfold atly gämilerinı Taýwan bogazyndan geçirip, iki ýurdyň arasyndaky söwda söweşi sebäpli başdan geçirilýän dartygynlygy has hem artdyrandygyny beýan etdi.

“ABŞ-niň Taýwan bogazynda Psihilogik oýuny” atly makalada resmi Waşingtonyň Taýwan bogazyna ugradan gämileri bilen Hytaýyň hökümetine syýasy ýüzlenmeler berendigi ýazyldy.

Hytaýda 1949-njy ýylda Mao Szedunyň hökümetiň başyna geçmeginden soň, ozalky hökümetiň käbir agzalary Taýwana gaçyp, adada garaşsyzlyk yglan edipdi we milletçi Hytaý hökmünde atlandyran Taýwany esaslandyrypdylar.

Pekin “Bir Hytaý” ýörelgesini öňe sürüp, Hytaýa halkara arenada diňe özleriniň wekilçilik edýändiklerini we garaşsyzlyk eden halatynda Taýwana harby güýç ugratjakdygyny belleýär.


Etiketkalar: #Taýwan , #ABŞ , #gämi , #Hytaý

Degişli Habarlar