Ýaponiýadaky sil apaty sebäpli ýogalan adamlaryň sany artýar

Ýaponiýanyň günbatary bilen merkezi sebitlerine öz täsirini ýetiren sil apaty we ýeriň süýşmegi netijesinde ýogalan adamlaryň sany 60-dan geçdi

1008149
Ýaponiýadaky sil apaty sebäpli ýogalan adamlaryň sany artýar

Ýaponiýanyň hökümetiniň metbugat geňeşçisi Ýoşihide Suga sil sebäpli aglabasy Hiroşimada bolmak bilen 92 adamyň dereksiz ýitendigini, gözleg we halas ediş işlerine 54 müň adamdan ybarat toparyň gatnaşýandygyny mälim etdi.

Ýaponiýanyň Meteorologiýa gullugy şu gün hem ýurdyň Ehime we Koçi diýilen ýerlerinde aşa köp ýagyşyň ýagjakdygyny, Gifu sebitinde bolsa adatdan daşary ýagdaýyň dowam edýändigini habar berdi.

Ýurtda aşa ýagan ýagyşlaryň täsir ýetiren sebitlerinde ýaşaýan 4,7 million adamyň howpsyz ýerlere göçürmek bardaky teklip öz güýjüni goraýar.


Etiketkalar: #Ýaponiýa , #sil apaty

Degişli Habarlar