Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamed Al Sani Fransiýa bardy

“Fransiýa krizisiň çözülmegi üçin tagalla etmäge dowam eder”

1007761
Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamed Al Sani Fransiýa bardy

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron Katar bilen Pars aýlag ýurtlarynyň arasyndaky krizisiň çözülmegi üçin elinden geleni etjekdigini aýtdy.

Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamed Al Sani Fransiýa guraýan saparynyň çäginde Prezident Makron bilen duşuşdy.

Makron bilen Şyh Temim Elysse köşgünde bolan duşuşykdan soň metbugata beýanat berdi.

Kataryň Fransiýadaky maýa goýumlary barada öwgüli sözler aýdan Makron, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändiklerini, sebitdäki krizisiň çözülmegi maksady bilen Kuweýdiň Emiriniň töwellaçylyk tagallalaryna goldaw berýändigini ýatlatdy.

Makron “Fransiýa krizisiň çözülmegi üçin tagalla etmäge dowam eder” diýdi.

Katara goýlan sanksiýalaryň halka ýaramaz täsirini ýetirýändigini aýdan Makron “Dowam edýän krizisi sebäpli maşgalalar aýrylyşdy. Bu krizis gepleşik arkaly çözülmeli” diýdi.

Kataryň Emiri Şyh Temim bolsa duşuşykda Siriýa, Ysraýyl-Palestina meselesi we sebitdäki çaknyşyklar barada pikir alyşandyklaryny belledi.

 



Degişli Habarlar