Eýran bergisi sebäpli Yraga berýän elektrik togyny kesdi

Muderris meseläniň çözülmegi üçin Eýran bilen gepleşik geçirýändigine ünsi çekdi

1007752
Eýran bergisi sebäpli Yraga berýän elektrik togyny kesdi

Eýranyň Energetika ministrliginiň metbugat geňeşçisi Musab Al Muderris bergisi gün saýyn köpelýändigi sebäpli Eýranyň düýn Yraga berýän müň mega watlyk elektrik togyny kesendigini, Meýsan, Zikar we Basra welaýatlarynda ýygy-ýygyndan elektrik togynyň kesilýändigini belledi.

Muderris meseläniň çözülmegi üçin Eýran bilen gepleşik geçirýändigine ünsi çekdi.

2017-nji ýylyň awgust aýynda Yragyň Energetika ministrligi tarapyndan çap edilen görkezijilere görä, Yragda 23 müň mega watlyk elektrik togy sarp edilýär, Yrakda öndürilýän elektrik togynyň mukdary bolsa diňe 15 müň 700 megawat.

 


Etiketkalar: #Eýran , #elektrik togy , #kesmek

Degişli Habarlar