Tramp, Putin bilen duşuşmaga taýar

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşmaga özüniň ömri boýunça taýarlanandygyny nygtady

1007117
Tramp, Putin bilen duşuşmaga taýar

Montana ştatynda geçirilen mitingde çykyş eden Tramp 16-njy iýulda Finlýandiýanyň paýtagty Helsinkide Putin bilen geçirjek duşuşygy barada maglumat berdi.

Rus lider bilen geçirjek duşuşygy bilen bagly tankydy belliklere garamazdan Putin bilen gowy duşuşyk geçirmäge garaşýandygyny aýdan Tramp munyň netijesinde gowy gatnaşyklary ýola goýup biljekdiklerini belledi.

Donald Tramp: “Russiýa bilen birlikde ähli ýurtlar bilen gowy gatnaşyklara eýe bolmak gowy bir zat we Putin gowy bir adam” diýdi.

Tramp özüniň diplomatik ýetmezçiligi sebäpli duşuşygyň milli bähbitlere zeper ýetirip biljekdigi baradaky sözlere bolsa reaksiýa bildirdi.

Tramp: “Putin örän gowy derejede taýarlandy. Men taýarmy? Dolulygyna taýar. Bu duşuşyga ömrüm boýunça taýarlyk gördüm. Maňa ynanyň, diňe gowy zatlar ederis we belkem gowy gatnaşyk hem ýola goýarys” diýdi.



Degişli Habarlar