Sarkisýanyň jigisi we ýegeni göz tussaglygyna alyndy

Ermenistanyň ozalky Prezidenti Serž Sarkisýanyň jigisi Aleksandr Sarkisýan we ýegeni Aýk Sarkisýan göz tussaglygyna alyndy

1006804
Sarkisýanyň jigisi we ýegeni göz tussaglygyna alyndy

Ermenistanyň metbugatynda berilen habarlara görä Aleksandr Sarkisýanyň daşary ýurda çykmak islän mahaly Ermenistanyň Milli howpsyzlyk gullugy tarapyndan göz tussaglygyna alyndy.

Howpsyzlyk güýçleri Aleksandr Sarkisýanyň öýünde we özüne degişlidigi aýdylýan firmalarda derňew geçirmäge başlady.

Aleksandr Sarkisýanyň öýünde geçirilen gözleg işlerinde köp mukdarda pul, ýarag we köp sanda kartina tapyldy.

Aleksandr Sarkisýanyň ogly Aýk Sarkisýanyň hem 11 ýyl ozal ýaragly ýaralama wakasy sebäpli göz tussaglygyna alynandygy habar berildi.

Ýurtda geçen aý bolsa Serž Sarkisýanyň lideri bolan Respublikan partiýasynyň deputaty Manwel Grigorýan jenaýat toparyny döretmek we galplyk etmek aýyplamalaryndan göz tussaglygyna alynypdy.



Degişli Habarlar