Merkel Türkiýe barada öwgüli sözler aýtdy

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel Türkiýäniň siriýaly bosgunlar üçin uly işleri durmuşa geçirendigini aýtdy

1005548
Merkel Türkiýe barada öwgüli sözler aýtdy

Merkel Federal Mejlisde bujet meselesine garalan oturlyşykda eden çykyşynda Ýewropa Geňeşinde seljerlen ugurlar barada maglumat berdi.

Merkel “ Ahyry aslynda Türkiýä däl eýsem Türkiýäniň kabul eden 3 million 900 müň bosgun üçin sarp ediljek ikinji 3 milliard ýewrolyk maliýe kömegini ara alyp maslahatlaşdyk we kabul etdik. Türkiýäniň siriýaly bosgunlar üçin edýän aladasy we durmuşa geçiren işleri takdyra laýyk” diýdi.

Merkel bosgun meselesiniň Germaniýanyň we Ýewropanyň geljegi üçin halkara hukuk kadalaryna laýyklykda arkalaşykly ýagdaýda çözülmelidigini belledi.



Degişli Habarlar