Amerikan Kongresiniň agzalary Russiýa bardylar

Kongresiň agzalary Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşyk geçirdiler

1004901
Amerikan Kongresiniň agzalary Russiýa bardylar

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň 16-njy iýulda Finlýandiýanyň paýtagty Helsinki şäherinde geçirjek duşuşygyndan ozal Amerikan Kongresiniň agzalary 2 ýyl arakesmeden soň ilkinji gezek Russiýada saparda bolýarlar.

Kongresiň agzalary Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen duşuşyk geçirdiler.

Sergeý Lawrow duşuşykdan ozal beren beýanatynda Kongresiň agzalarynyň Russiýa guraýan saparynyň Parlamentara gatnaşyklarynyň ýaňadandan üpjün edilmeginiň simwoly boljakdygyny umyt edýändiklerini belledi.

Sergeý Lawrow Kongresiň agzalarynyň Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen ABŞ-niň Prezidenti Donald Trampyň 16-njy iýulda Finlýandiýanyň paýtagty Helsinki şäherinde geçirjek duşuşygyndan ozal Russiýa gelmeklerini wagtynda guralan bir sapar hökmünde häsýetlendirdi.

Wekiliýetiň başlygy Alabama ştatynyň senatory Riçard Şelbi hem öz gezeginde birnäçe gün soň geçiriljek Putin-Tramp duşuşygy üçin Russiýa gelendiklerini habar berip: “Gatnaşyklarymyzyň erbetdigini bilip geldik, emma gatnaşyklar has gowy bolup biler, sebäbi umumy bähbitlerimiz bar” diýip belledi.



Degişli Habarlar