ABŞ Eýranyň nebiti bilen baglanşykly beýanat berdi

Braýan Huk ABŞ-niň Döwlet sekretarlygynda geçirilen metbugat ýygnagynda Eýranyň nebitine garşy edilýän sanksiýa bilen baglanşykly beýanat berdi

1004511
ABŞ Eýranyň nebiti bilen baglanşykly beýanat berdi

ABŞ-niň Döwlet sekretarlygynyň Syýasy meýilnama bölüminiň müdüri Braýan Huk Eýrana edilýän basyşyň maksadynyň ýurdyň nebitden alýan girdejisini 0-a çenli aşakladyp, resmi Tähranyň sebitdäki syýasatyny üýtgetmegini üpjün etmekdigini belledi.

Braýan Huk ABŞ-niň Döwlet sekretarlygynda geçirilen metbugat ýygnagynda Eýranyň nebitine garşy edilýän sanksiýa bilen baglanşykly beýanat berdi.

“Eýran strategiýamyz hökümetiň üýtgedilmeginde däl, eýranly liderleriň sebitdäki strategiýasyny üýtgetmekden ybarat” diýen Huk Eýranyň nebitden alýan girdejisini 0-a çenli aşaklatmak isleýändiklerini nygtady.

Braýan Huk: “Maksadymyz Eýranyň hökümetine garşy basyşymyzy artdyryp, nebit satyşlarynyň öňüni kesmek. Global bazarda täsirini iň pes derejä ýetirmäge synanyşýarys, emma global ölçegde ýeterlik derejede nebitimiziň bardygy barada şübhämiz bar” diýdi.


Etiketkalar: #ABŞ , #Eýran , #nebit

Degişli Habarlar