ABŞ-da bosgunlara hüjüm guraldy

Hüjümde ýaralanan 9 bosgundan 4-niň ýagdaýynyň agyrdygy nygtaldy

1003747
ABŞ-da bosgunlara hüjüm guraldy

ABŞ-nyň Idaho ştatynyň Boise şäherinde Siriýadan, Yrakdan we Efiopiadan gelip ABŞ-na ornaşan we 3 ýaşyndaky çaganyň doglan gününi gutlamak üçin bir ýere jemlenşen bosgunlara pyçakly hüjüm guraldy.

Howpsyzlyk güýçleri hüjümde 3,4,6,8 we 12 ýaşyndaky çagalaryň nyşana alynandygyny belledi.

Hüjümde ýaralanan 9 bosgundan 4-niň ýagdaýynyň agyrdygy nygtaldy.

Howpsyzlyk güýçleri wakadan soň şol binada ýaşaýan 30 ýaşyndaky  Amerikaly hüjümçi Timmy Earl Kinneriň tussag edilendigini aýan etdi.

 


Etiketkalar: #ABŞ , #bosgun , #hüjüm , #çaga

Degişli Habarlar