Taliban Täjigistan serhedindäki gümrük geçelgä hüjüm gurady

Timur başbozarlaryň gümrük geçelgäniň binasyny bolsa ýakandygyny beýan etdi

1003392
Taliban Täjigistan serhedindäki gümrük geçelgä hüjüm gurady

Talibanly başbozarlar Owganystanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Tahar welaýatynyň Täjigistan serhedindäki Aý Hanym gümrük geçelgesine hüjüm gurap, Polisiýa gullugynyň 2 işgärini öldürdi.

Tahar welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Sünettullah Tmiur Talibanly başbozarlaryň Aý Hanym gümrük geçelgesine hüjüm guramagy netijesinde, gümrük geçelgesiniň gysga wagtlyk guramanyň gözegçiligine geçendigini habar berdi.

Başbozarlaryň hüjüminde 2 polisiýa işgäriniň ýogalandygyny aýdan Timur guramanyň agzalarynyň şeýle hem 6 polisi zamun alandygyny mälim etdi.

Timur başbozarlaryň gümrük geçelgäniň binasyny bolsa ýakandygyny beýan etdi.

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa hüjümde 40 esgeriň ýogalandygy we ýaralanandygy öňe sürüldi.

Aý Hanym gümrük geçelgesi Owganystan bilen Täjigistanyň arasynda Amu derýasynyň kenarynda ýerleşýän, iň möhüm gümrük geçelgesi hökmünde kabul edilýär.



Degişli Habarlar