Eýranda kranlardan duzly suwyň akmagyna we suwyň ýygy-ýygydan kesilmegine garşy ýöriş geçirildi

Eýranda guraklyk sebäpli suw ýetmezçiligi başdan geçirilýär

1002947
Eýranda kranlardan duzly suwyň akmagyna we suwyň ýygy-ýygydan kesilmegine garşy ýöriş geçirildi

Eýranyň Huzistan welaýatynyň Hürremşehr şäherinde onlarça adam kranlardan duzly suwyň akmagyna we agyz suwynyň ýygy-ýygydan kesilmegine garşy protest ýörişini geçirdi.

Hürremşehr Uly metjidiniň öňünde bir ýere jemlenşen protestçylar agyz suwynyn duzly bolmagyna we suwyň ýygy-ýygydan kesilmegine garşy protest ýörişini geçirdi.

Boş çüýşeler bilen ýörişe gatnaşan protestçylar “Ýok bolsun ukypsyz ýolbaşçylar. Ogrylar dine sygynyp bizi taladylar” diýlen şygarlary göterdi.

Kranlardan akýan agyz suwynyň duzly bolmagy sebäpli Hürremşehriň halky suw tankerlerinden agyz suwyny satyn alýar.

Huzistan welaýatynyň Abadan şäherinde hem geçen hepde şuňa meňzeş ýörişler geçirlipdi.

Eýranda guraklyk sebäpli suw ýetmezçiligi başdan geçirilýär.

 

 



Degişli Habarlar