Ýemende hökümete tabynlykdaky güýçler käbir strategik ýerlerde gözegçiligi üpjün etdi

Lahiç şäherinde Husiler bilen bolan çaknyşykdan soň käbir strategik ýerlerde gözegçilik üpjün edildi

1002264
Ýemende hökümete tabynlykdaky güýçler  käbir strategik ýerlerde gözegçiligi üpjün etdi

Ýemende hökümete tabynlykdaky güýçler ýurduň günortasynda ýerleşýän Lahiç şäherinde Husiler bilen bolan çaknyşykdan soň käbir strategik ýerlerde gözegçiligi üpjün etdi.

Ýemeniň ýaragly güýçleriniň internet saýtynda berlen habara görä, ýaragly güýçleri Lahiç we Taiz şäherleriniň arasynda ýerleşýän strategiýa taýdan esasy orun eýeleýän Rekize we Nejid Kafil daglarynda gözegçiligi üpjün etdi.

Kubeýta etrabynda hem 4 etrapçanyň Husilerden saplanandygy we etrabyň 95 göteriminde gözegçiligiň üpjün edilendigi nygtaldy.

Husiler bolsa mesele barada heniz hiç hili beýanat bermedi.

 



Degişli Habarlar