Pentagon Siriýanyň Manbij sebiti bilen bagly beýanat berdi
ABŞ-niň Goranmak ministrliginiň (Pentagon) metbugat geňeşçisi Adrian Rankin-Galloueý Siriýanyň Manbij etrabynda Türk-Amerikan umumy patrullygyň haçan başlajakdygy bilen bagly gepleşikleriň dowam edýandigini habar berdi
Adrian Rankin-Galloueý Anadoly habarlar agentliginiň işgärine beren beýanatynda Türkiýäniň we ABŞ-niň harby resmileriniň Manbij meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşmak üçin 22-23-nji iýun aralygynda paýtagt Ankarada duşuşandygyny mälim etdi.
Ady agzalan duşuşykda resmileriň Manbij meýilnamasynyň 2-nji tapgyryna gönügendiklerini aýdan Adrian Rankin-Galloueý: “Geçen hepdäniň ahyrynda geçirilen duşuşyklar 4-nji iýunda ylalaşan Manbij meýilnamasynyň ýola goýulmagy üçin Türkiýäniň we ABŞ-niň Goranmak ministrlikleriniň resmileriniň arasynda dowam edýän dialogyň we Manbijiň golaýynda howpsyzlygy we durnuklylygy üpjün etmek bilen bagly beren sözümiziň bir bölegidi” diýdi.
Manbijde Türk-Amerikan umumy patrullygyň haçan başlajakdygy bilen bagly soraga Adrian Rankin-Galloueý: “Bu babatda gepleşikler dowam edýär” diýip jogap berdi.
Manbij meýilnamasy ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK-a agza terrorçylaryň etrapdan çekilmegini, gurama bilen arabaglanşygy bolan adamlaryň bolsa ýerli mejlisden we geňeşlerden aýrylmagyny özünde jemleýär.
Iki ýurdyň arasynda baglaşylan ylalaşyga laýyklykda mundan başgada Türk-Amerikan güýçleri ilki bilen Manbijiň golaýynda garaşsyz we sazlaşykly patrullyk eder, soň bolsa etrabyň öz içinde patrullyk ederler.
Degişli Habarlar
BMG, Liwandan Çekilmegi Üçin Ysraýyla Ýene-de Bir Gezek Çagyryş Berdi
Lakrua, Ysraýylyň kesgitlenen 60 günden ozal Liwandan çekilmelidigine ünsi çekdi.
Siriýalylar Ýurtlaryna Dolanmaga Dowam Edýär
Dekabr aýyndan bäri 200 müň siriýaly bosgun ýurtlaryna dolandy