Zengene Trampy nebit bazalaryny syýasylaşdyrmakda günäkärledi

Eýranyň Nebit ministri Bižen Namdar Zengene ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň nebit bazalarynyň işine goşulyşyp, bazalary syýasylaşdyrmakda aýyplady

996092
Zengene Trampy nebit bazalaryny syýasylaşdyrmakda günäkärledi

Eýranyň “SHANA” habarlar gullugynyň berýäň habarynda anna güni Awstriýanyň paýtagty Wenada geçiriljek Nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasynyň (OPEK) maslahatyna gatnaşmak üçin şähere gelen Zengene metbugata beýanat berdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Trampyň nebit bazarlarynyň işine goşulyşýandygyny we bazarlary syýasylaşdyrandygyny aýdan Zengene; “Biziň we OPEK-iň beýleki agzalary üçin nebit bazarlarynyň syýasata goşulyşmazlygy möhüm” diýdi.,

Amerikan hökümetiniň OPEK-e agza ýurtlardan Eýrana we Wenesuella sanksiýa goýmagyna reaksiýa bildiren Zengene ABŞ-nyň OPEK-iň esaslandyryjy ýurtlaryna sanksiýa goýmagynyň nebit bazarynda kynçylyklar döredendigini aýtdy.

OPEK-e agza ýurtlardan biri bolan Saud Arabystany ýylyň ikinji ýarymynda nebit önümçiligini artdyrmaga dowam edýär.

Russiýa hem nebit önümçiligini artdyrmagy nazarda tutýar.

Ykdysadyýeti nebit girdejisine esaslanýan Eýran bolsa nyrhyň aşaklamazlygy üçin nebit üpjünçilik deňagramlylygyny gorak saklamak isleýär.


Etiketkalar: #Eýran , #Tramp , #OPEK , #nebit

Degişli Habarlar