Fransuz howa ýollarynyň işgärleri 254 gün iş taşlap Ýewropada uly rekord goýdy
254 günlük iş taşlaýyş günde ortaça 652 uçuşuň bes edilmegine sebäp boldy
Fransuz howa ýollarynyň işgärleri 2004-2016-njy ýyllarda jemi 254 gün iş taşlap Ýewropada uly rekord goýdy.
Senadyň Maliýe toparynyň çap eden habarnamasynda Fransiýada 2004-2016-njy ýyllaryň aralygynda howa ýollarynyň işgärleriniň 254 gün iş taşlandygy we Ýewropada uly rekord goýandygy nygtaldy.
Habarnamada ady agzalýan döwürde Gresiýada 46 gün, Italiýada 37 gün, Portugaliýada 10 gün we Germaniýada 4 gün iş taşlaýyş yglan edildi.
Fransuz howa ýollarynyň işgärleriniň 254 günlük iş taşlaýyşynyň günde ortaça 652 uçuşuň bes edilmegine sebäp bolandygy nygtaldy.
Uçuşlaryň bes edilendigi sebäpli howa ýoly firmalarynyň ýylda 300 million ýewrolyk ýiti çekendigi bellenildi.
Degişli Habarlar
Nigeriýada Zamun Alynan 64 Çaga Bilen Zenan Boşadyldy
Harby goşun ýaragly başbozarlara garşy geçirýän operasiýasyny dowam etdirýär
Russiýa, Ermenistandaky Ilçisini Yzyna Çagyrdy
Degişli kararyň näme sebäpli kabul edilendigi barada bolsa maglumat berilmedi.