Ýaponiýada bolan 6,1 bal ululygyndaky ýer titremesinde 3 adam ýogaldy

Ýer titremesinden soň uçar we otly saparlary saklandy

994046
Ýaponiýada bolan 6,1 bal ululygyndaky ýer titremesinde 3 adam ýogaldy

 

Ýaponiýanyň metralogiýa gullugy Osaka şäheriniň golaýynda 6,1 bal ululygynda ýer titremesiniň bolandygyny habar berdi.

Ýer titremesiniň şäheriň demirgazygynda ýeriň 13 kilometr aşagynda bolandygy nygtaldy.

Milli apatlar gullugy ýer titremesinde ilkinji kesgitlemelere görä, 3 adamyň ýogalandygyny, 100 adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Ýer titremesinden soň uçar we otly saparlary saklandy.

Ýer titremesiniň Osaka şäheriniň golaýyndaky Mihama, Takahama we Ohi ýadro desgalaryna zeper ýetirmändigi ýatladyldy.

 



Degişli Habarlar