“Nebitiň nyrhynyň ýokarlamagyndan OPEK jogapkär”

“ Nebitiň nyrhy diýseň ýokary, arkasynda OPEK bar, bu dogry däl”

992443
“Nebitiň nyrhynyň ýokarlamagyndan OPEK jogapkär”

 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp nebitiň nyrhynyň ýokarlamagyndan Nebit eksport edýän ýurtlaryň guramasy OPEK-iň jogapkärdigini aýtdy.

Tramp Twitter arkaly beren beýanatynda “ Nebitiň nyrhy diýseň ýokary, arkasynda OPEK bar, bu dogry däl” diýdi.

Tramp aprel aýynda hem OPEK-i nebitiň nyrhyny emeli ýagdaýda ýokarlandyrmakda günäkärläpdi.

OPEK, nebitiň nyrhy aşaklandygy sebäpli 2016-njy ýylyň noýabr aýynda nebit önümçiliginiň çäklendirilmegi barada karar kabul edipdi.

Möhledi birnäçe gezek uzadylan çäklendirme ylalaşygy üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli dowam eder.

 

 

 


Etiketkalar: #nebit , #günäkärlemek , #ABŞ , #OPEK

Degişli Habarlar