Siriýada çaknyşyksyz zolakda guralan howa hüjüminde 17 adam ýogaldy

Hüjümde ýogalanlaryň sanynyň köpelmegine alada bildirilýär

989794
Siriýada çaknyşyksyz zolakda guralan howa hüjüminde 17 adam ýogaldy

Siriýada Asada tabynlykdaky güýçlere degişli harby uçarlaryň Idlib welaýatynda çaknyşyksyz zolakda çagalar hassahanasyna we asuda ilatyň ýaşaýan etraplaryna guran howa hüjüminde 17 adam ýogaldy.

Asada tabynlykdaky güýçler günorta wagty Idlib welaýatynyň Binneş, Teftenaz we Ariha etraplary bilen Ram Hamdan obasyna howa hüjümini gurady.

Teftenaz etrabynda Nur çagalar hassahanasy bombalaryň nyşany boldy

Hüjümde 3-i çaga 5 adam ýogaldy, hassahana hatardan çykdy.

Hüjümlerde Teftenazda 13, Arihada 2, Binneş we Ram Hamdan etrabynda hem 2 adam ýogaldy.

Ýaralananlar golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndy.

Hüjümde ýogalanlaryň sanynyň köpelmegine alada bildirilýär.

 



Degişli Habarlar