Ýylanyň gopan kellesi adamy çakdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda bir adam kellesini kesen ýylanyň gopan kellesi tarapyndan çakyldy

987959
Ýylanyň gopan kellesi adamy çakdy

Tehas ştatynda bir adam howlusynda işleri bilen meşgul bolan mahaly, ýüz-ýüze gelen 1,2 metr uzynlygyndaky ýylanyň kellesini kesdi.

Kesen ýylanyň göwresini zir-zibile atan adam ýylanyň gopan kellesi tarapyndan çakyldy.

Adamyň aýaly Jennifer Sutkliffe ýylanyň çakanyndan soň ýoldaşynyň ýere ýykylandygyny we özüni erbet duýmaga başlandygyny belledi.

Tiz kömek dik uçary bilen hassahana alynyp gidilen ýoldaşyna 26 doza zähere garşy derman berilendigini aýdan Jennifer Sutkliffe ýoldaşynyň saglyk ýagdaýynyň kadalaşmagyna ençeme wagt gerek bolandygyny, emma böwreklerinde entegem näsazlygyň bardygyny habar berdi.

Ýylanlaryň çakmak refleksleri ölenlerinden birnäçe sagat soňa çenli dowam edip bilýändigi mälim edildi.


Etiketkalar: #ýylan , #kelle , #çakmak , #tiz kömek

Degişli Habarlar