Stoltenberg ABŞ bilen Türkiýäniň Münbiç babatynda ylalaşmagyna hoşallyk bildirdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Türkiýäniň we ABŞ-niň Siriýanyň Münbiç sebiti babatynda ylalaşmagyna hoşallyk bildirdi

987163
Stoltenberg ABŞ bilen Türkiýäniň Münbiç babatynda ylalaşmagyna hoşallyk bildirdi

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly 4-nji iýunda amerikaly kärdeşi Maýk Pompeo bilen Waşingtonda gepleşikler geçiripdi. Gepleşiklerden soň berilen beýanatlar bilen Münbiçiň howpsyzlygyny Türkiýäniň we ABŞ-niň harby güýçleriniň üpjün etjekdigi habar berilipdi.

Mesele barada bir beýanat NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg tarapyndan hem berildi. Ýens Stoltenberg: “Türkiýäniň we ABŞ-niň Münbiç babatynda ylalaşyk gazanmagyna hoşallyk bildirýärin” diýdi.

Mewlüt Çawuşogly: “Ilkinji etap 10 günüň dowamynda durmuşa geçirilmäge başlanar. Ekstremist terror guramasy PKK/PÝD-ÝPG-e agza terrorçylar iýul aýynyň ilkinji hepdesinden başlap ýaraglaryny berip, Münbiçden çykar” diýip habar beripdi.



Degişli Habarlar