Putin Borisow bilen duşuşdy

Putin “TürkAkym” tebigy gaz turba geçiriji taslamasynyň Ýewropa çekiljek ugry boýunça Türkiýe bilen yzgiderli pikir alyşýandyklaryny aýtdy

982735
Putin Borisow bilen duşuşdy

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin Moskwada Bolgariýanyň Premýer ministri Boýko Borisow bilen geçiren duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Borisow bilen geçiren duşuşugynda “TürkAkym” tebigy gaz turba geçiriji taslamasy barada pikir alyşandyklaryny aýdan Putin: “Taslamada Ýewropa çekiljek liniýanyň ugry barada türk hyzmatdaşlarymyz bilen yzgiderli pikir alyşýarys. Bolgariýa hem alternatiwlerden biri. Prezident R.T.Erdogan hem öňňinki telefon söhbetdeşligimizde ony tassyklady. Türk we bolgar dostlarymyz bilen mesele boýunça işleşýäris” diýdi.

“TürkAkym” bilen Ýewropa akdyryljak tebigy gaz boýunça detallaryň beýleki geçiş ugurlaryndaky şertlere baglydygyny aýdan Putin: “Şol detallar Ýewropanyň bazaryna energiýa serişdelerini berýän ähli geçiş nokatlarynyň umumy şertlerine bagly. Ukrainanyň üstaşyr gaz geçirmek ýa-da Demirgazyk Akym 2 taslamasy bilen bagly meseleler entegem açyk” diýdi.

Borko Borisow hem “TürkAkym” taslamasynda ikinji ugruň Bolgariýa uzadylmagyny isleýändiklerini nygtap: “Putin Prezident ERdogan bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde “TürkAkymyň” Bolgariýa ýetirilmegi baradaky pikire hiç kimiň garşy durmandygyny aýtdy” diýdi.

Rus gazyny Türkiýä, Türkiýäniň üstaşyr Ýewropa akdyrjak “TürkAkym” tebigy gaz turba geçirijisi her biri ýylda 15,75 milliard m3 göteriş ukybyna eýe bolan iki ugurdan emele geler.

Taslamada ikinji ugruň geçirilmegi üçin seljerilýän liniýalaryň hatarynda Gresiýa ýa-da Bolgariýa bar.



Degişli Habarlar