Marokko Gazada göçme hassahana gurar

Kararyň palestinaly asuda ilata hyzmat etmegi üçin kabul edilendigi ýatladyldy

980346
Marokko Gazada göçme hassahana gurar

Daşary işler ministrliginden berlen ýazmaça beýanatda Marokkonyň Şazasy Muhammmed VI-nyň Gazada Marokko şalygynyň ýaragly güýçleriniň öňbaşçylygynda hirurgiýa operasiýalary üçin göçme hassahananyň gurulmagy barada karar kabul edendigi nygtaldy.

Kararyň palestinaly asuda ilata hyzmat etmegi üçin kabul edilendigi ýatladyldy.

Karar Marokkonyň Şasynyň Palestinanyň halkyna goldaw berýändigini görkezýär.

Beýanatda hassahananyň haçan guruljakdygy hakynda maglumat berilmedi.

 

 



Degişli Habarlar