NATO-nyň Baş sekretary Russiýa bilen bagly beýanat berdi

NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg Russiýany kiber hüjümler guramak we saýlawlaryň netijelerine täsir ýetirmek bilen günäkärledi

980707
NATO-nyň Baş sekretary Russiýa bilen bagly beýanat berdi

NATO-nyň Parlamentarlar Assambleýasynyň ýaz maslahaty Polşanyň paýtagty Warşawada geçirilýär. 

Ýens Stoltenberg maslahatda eden çykyşynda Russiýa nägilelik bildirip, bu ýurdyň kiber hüjümler guraýandygyny, saýlawlaryň netijelerine täsir ýetirýändigini göz öňünde tutup, demokratik ýurtlaryň içerki işlerine goşulýandygyny belledi. 

Stoltenberg 2014-nji ýylda Ukrainada Malaýziýa howa ýollaryna degişli uçaryň od açylyp ýere gaçyrylmagyndan soň, Russiýanyň jogapkärçilgi öz üstüne almagy baradaky çagyryşyny ýaňadandan nygtap geçdi. 

2014-nji ýylyň iýul aýynda Gollandiýadan uçanyndan soň Ukrainanyň gündogarynda ýere gaçyrylan Malaýziýa howa ýollarya degişli MH17 belgeli uçara od açan rus BUK raketasynyň Russiýadan ol ýere alynyp gidilen raketa ulgamyndan uçurylandygy mälim edilipdi. 

 



Degişli Habarlar